Airbnb-niň kyn günleri

Öwrenje
2 min readMay 8, 2020

--

Bilermenlere görä Airbnb-niň geljegine uly bir howp abanýar. Suwagta çenli Silikon Jülgesiniň iň abraýly kärhanalaryndan biri hasaplansa-da global pandemiýadan ýaramaz täsir alan Airbnb-niň gazanjy birinji çärýekde 50% azaldy. Mundan daşary hem Aibnb sistemasyndan gazanç edip ýören öý eýeleriniň kärhanadan uzaklaşmaklary hem ýakyn görünýär.

Pandemiýa döwürleriniň başlarynda müşderiler bron etmek üçin öňünden edip goýan töleglerini yzyna almak isledi. Öý eýeleri bolsa muny etmek islemedi. Airbnb müşderi pullarynyň gaýtarylmagyny talap edip öý eýelerine pul kömegi bermek üçin 250 million dollarlyk fond aýyrdy. Sebäbi Airbnb sistemasyna goşulmak üçin köp sanly adamlar kredit bilen kwartiralar alypdylar we müşderileriň azalmagy bilen ykdysady taýdan kynçylyk çekýärdiler.

Emma gynansakda bu fonddan ýerlikli peýdalanyp bilmeýän öý eýeleri Airbnb sistemasyndan daşlaşýarlar. Meselem San Diýego-da ikinji kwartirasyny Airbnb sistemasynda ulanmak maksady bilen kredit esasynda alan Dawid Kauffman, 10.000 dollarlyk zyýanynyň diňe 15%-ini fonddan alyp bildi we sistemadan çykmak isleýär.

Airbnb ýyllyk 11% bilen ýene 1 milliard dollar kredit çekdi.

Ýyl soňuna çenli ýyllyk girdejiniň 50% azalmagyna garaşýar.

ABŞ-daky öýleriň dolulyk göterimi 70%-den 21%-e düşdi. Beýleki ýurtlarda hem şoňa meňzeş azalyş göterimleri bar.

Kärhana reklama üçin aýyran fonduny kesdi we hatda marketing üçin ýyllyk 800 million dollardan ybarat bolan fonduny hem yza çekdi.

Muňa garamazdan ol öňümizdäki aýlardaky kynçylyklardan nähili edip baş alyp çykjagyny bilmeýär.

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet