Amerikan Dollary ejizleýär

Öwrenje
1 min readMay 10, 2020

--

Dünýäniň iň ýaýbaň ätiýaçlyk walýutalary her global derejedäki wakalardan soň üýtgäp gelýär.

Meselem iň soňky sapar 1-njy Jahan Urşundan soň ejizlän Ýewropa ykdysadyýetiniň garşysynda beýgelen ABŞ ekonomikasy sebäpli ýuwaşlyk bilen ABŞ dollary ýaýbaňlaşmaga başlapdy.

Bütin Dünýäni öz täsiri astyna alan Global Pandemiýanyň iň aýylganç zeper ýetiren ekonomikasy megerem ABŞ bolsa gerek.

Aslynda wirusdan öň hem ýyllar-boýy ABŞ ekonomikasy ejizläp gelýärdi.

Wirus bolsa bu ykdysady ägirdi has-da sarsdy. 30 milliondan gowrak ilat işsiz galdy. 100 müňe golaý adam bu kesel sebäpli aradan çykdy. Yzly-yzyna global möçberde brende öwrülen ABŞ ägirtleri hasap edilýän kompaniýalar milliardlarça dollarlyk ýitgä sezewar bolup hökümet kömegine ýüz tutýardy.

Bu ýagdaýda ýaýbaň ätiýaçlyk walýutasy belkäm üýtgär.

Sebäbi hiçbir ýurt beýle ejizlän ekonomikanyň walýutasynda öz ätiýaçlyk pullaryny saklamak islemez.

ABŞ elbetde henizem dünýäniň iň uly ykdysadyýetine, ýaragly güýçlerine eýe.. Emma ykdysady taýdan soňky wakalary ýakyndan yzarlamak gerek..

Ýakyn günlerde nämeler bolar wagt görkezer..

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet