Anthony Burgess we Döredijiligi

Öwrenje
2 min readSep 4, 2020

--

Anthony Burgess beýninde çiş (rak) bardygyny we bu çişiň 1 ýyl içinde ölmegine sebäp boljakdygyny bilende 40 ýaşlaryndady.

Pul ýagdaýy çäklidi we öz ölümi zerarly gysga wagtda dul galjak aýaly Lynne üçin miras galdyryp biljek hiçzady ýokdy.

Ilki näme etjegini bilmedi. Öz ölüminden soň dul galjak aýaly Lynne üçin birzatlar etmelidi ýöne näme etmelidi?

Özünden sorady; nämä ukybym bar? Maňa 1 ýylyň içinde pul getirip biljek nähili ukybym bar?

Burgess öň hiç professional derejede roman ýazmandy, emma ýazmaga ukybynyň bardygyny kiçiliginden bäri bilýärdi.

Edip biljek ýeke-täk zady şol ukybyny ulanyp birzatlar gazanmak we iň bolmanda çap ediljek kitapdan geljek girdejileri maşgalasyna galdyrmak diýip pikir etdi.

Şeýdip ilkinji romanyny ýazmaga başlady.

Ýazjak romanynyň çap ediljegi hem näbellidi emma başga edip biljek zady ýokdy.

Ýene 1 ýyl ömrüniň galandygy baradaky aljyraňňylyk bilen roman ýazmaga ykjam girişen Burgess, 1 ýyl geçmänkä 5 roman ýazyp ýetişdi, ýene bir romany bolsa ýarpylady.

Ýöne Burgess ölmedi.

Beýnindäki rak öýjükleri ilki azaldy, soňam ýitip gitdi.

Burgess yhlasyny ýitirmedi we şol tizligi bilen 1993-nji ýylda 76 ýaşynda aradan çykýança 70-den gowrak eser döretdi.

Köpümiz Burgess ýaly içimizde itekleýji täsirlere garaşyp ýatan ajaýyp ukyplara eýediris.

Başymyza gelýän wakalara şol penjiredenem seredip görmek gerek.

Eger ýekeje ýyl ýene ýaşamaga wagtymyzyň galandygy bize anyk mälim bolsa, wagtymyzy nämä sarp ederdik?

Nädip geçirerdik şol wagty?

1. Içimizde bukulyp ýatan nähili ukyplarymyz bar?

2. Başymyza gelen pajygaly wakalar belkäm içimizdäki ukyplary çykarmaga gelen güýç bolup biler

3. Özümizi bir maksada gönükdirmek köp keselleriň dermanydyr.

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

Responses (1)