Dünýäde ýyl-ýyldan energiýa üpjünçiliginde erkinligiň öňi açylýar. Bu babatda öňdebaryjy ýurt hökmünde-de ABŞ görünýär.
ABŞ-daky tehnologiýa ägirtleri hökümediň berýän energiýasyny ulanmak ýerine arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy saýlaýar we arassa energiýa üpjünçileri bilen şertnama baglaşýar. 2019-njy ýylda edilen şeýle şertnamalaryň kuwwatlylygy 6,5GW boldy we bu san köpelmäge dowam edýär.
Bu ýagdaý kompaniýalardan halk köpçüligine-de ýaýramaga başlady diýsek megerem ýalňyş bolmasa gerek.
Şeýlelik bilen täzelikçi tehnologiýa esasynda hökümet hyzmatlarynyň arasyndan energiýa üpjünçiligi aýryljaga çalym edýär. Halk köpçüligi indi hökümediň berýän energiýasyny almaga borçly bolman eýsem hususy üpjünçilerden almaga taýýarlanýar we bu babatda blokzynjyr tehnologiýasy hem örän oňaýly şertler döredýär.
Mysal bermekçi bolsak; IBM, arassa energiýa çeşme öndüriji kompaniýalar bilen blokzynjyr platformasy döretmek üçin güýjüni birleşdirdi.
Täze konsorsiýumda energiýa üpjünçileri hökmünde Gollandiýa we Germaniýanyň bir böleginde hereket edýän TenneT, Italiýada güýçli bolan Terna we Şweýsariýada ýaýrawy giň bolan Swissgrid öz ýerini aldy.
Täze dörediljek platformanyň, üpjünçiler bilen sarp ediji halk arasynda hereket etjek bir buhgalteriýa sistemasy deý hyzmat bermegi meýilleşdirilýär.
IBM-yň bu ädimi 2050-nji ýyla çenli Uglerod Zyňyndylaryny azaltmak maksatnamalary esasynda energiýa üpjünçiliginiň merkeziýetsizleşdirilmegi we has demokratik ýagdaýa getirilmegi taýdan örän ähmiýetli bolup durýar.