Bir halta gumuň hekaýasyny eşidipmidiňiz?
Isleseňiz gürrüň bereýin, ýöne bilýänler dil ýarmasyn.. 😊
Bir serhet araçägindäki geçelgede tigirli bir adam bir ýurtdan beýleki ýurda geçmek isläpdir. Resminamalar düzüw, wizanyň geregi bolmadyk bir ýer. Tigir bar, halta bar, adam bar we elbetde resminamalary.
- Haltada näme bar?
- Gum bar.
- Nähili gum?
- Adaty çäge-dä..
- Nirä alyp barýaň ony?
- Beýleki serhet obasyna..
- Näme üçin?
- Hiçhili sebäbi ýok. Keýpine..
- Beýle-de bir zat bolarmy?
- Ýoldaş jogapkär, bu näme gadagan zatmy?
- Ýok. Gadagan däl.
Dogrudanam gadagan zat ýok. Ýöne adaty zat däl. Herkim tiken üstünde. Gumy dokýärler, geroin ýa neşe gözleýärler içinden, itlerine ysgadyp görýärler, laboratoriýada derňäp görýärler, ultra-melewşe şöhleler bilen barlap görýärler.
Hiçzat ýok.. Adaty gumdan başga zat däl.
- Bolýa geçip bilersiň..
Ertesi ýene şol adam ýylgyryp dur. :)
- Ýene sen geldiňmi?
- Hawa ýene men.. Men, tigirim, resminanalarym we bir halta gum.
- Näme bar haltada gumdan başga?
- Hiçzat ýok. Diňe gum bar. Barlap göräýiň jenap..
- Düýn barlandy, bugün barlanmaz öýdüp içini dolduran bolaýma sen..
- Ýok-la jenap barlap bilersiňiz..
Ýene barlaglar, testler, şöhleden geçirmeler.. Hiçhili gadagan zat çykanok..
- Bolýa geçip bilersiň..
Şeýde-şeýde birnäçe aýlap dowam edýär bu gum daşamak işi..
Aradan 4–5 aý geçýär.
Şol postdaky jogapkär nepaga (pensiýa) çykýar we işinden gaýdýar.
Ýöne şol waka hijem ýadyndan çykmaýar. Bilesigelijilik hiç gününe goýmaýar.
25 ýyl serhet ýakasynda işläpdi we elbetde herhili zatlar gaçgak geçirilýänini görüpdi, hatda birentegini tutupdy hem.
Emma gum nähili bolýar, hiç düşünip bilmeýärdi.
Soň birgün şäherde şol adama gabat gelýär. Ylgap baryp ýakasyna ýapyşýar.
- Sen inim maňa ýalňyş düşünme. Meniň senlik meseläm ýok. Işimden çykdym. Indi gümrükde ýa serhetde işlämok. Saňa edip biljek ýamanlygym bolmaz. Gaýrat edip meni bu dertden gutar. Şol gumuň sebäbini düşündir. Hergün beýdip gum geçirmek nämäňe derkar? Aýt inim, gutar meni bu dertden..
Ýaňky adam mekirlik bilen ýylgyrypdyr-da şeýle diýipdir:
- Ýaşuly men gum geçiremokdym..