Shawarsh Karapetýan.
Ermenistanly professional ýüzüji.
13 gezek Ýewropa Çempiony we 17 gezegem Dünýä Çempiony bolan.
1976-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda ol irdenki gündelik ylgawyny amala aşyryp ýörkä bir trolleýbusyň bent diwaryny böwsüp köle gaçanyny görýär.
Trolleýbusda jemi 92 adam bar ekeni.
Ol birjik-de ikirjiňlenmän köle bökýär we 10 metr çuňluga 20 sapar çümüp jemi 20 adamy halas edýär.
Bu gahrymaçylykly hereketi ony 2-nji derejeli pnewmoniýaly edýär.
Şol bir sanda döwük aýnalar bilen kesilen aýagyndaky kesikler arkaly ganyna ýokuşan kanalizasiýanyň hapa suwlary sebäpli komada ýatýar.
Doktorlar ýaşamagyna ähtimallyk bermese-de 46 günden soň ol özüne gelýär.
Emma öýkeniniň öňküligi bolmaýar we ýüzme sporty bilen hoşlaşmaga mejbur bolýar.
Ol soňky sapar köle çümende ýadawlykdan ýaňa adamdyr öýdüp bir oturgyjy çykaran ekeni.
Interwýuda ol bu babatda şeýle gürrüň berýär:
“Köp gezek çümüp bilmejegimi bilýärdim. Şol sebäpli-de säwlik göýbäge wagtym ýokdy. Kölüň düýbi gaty garaňkydy we men hiçzat göremokdym. Şonda bir ýolagça derek trolleýbus oturgyjyny çykarypdyryn. Şoňa derek ýene bir adamy halas edip bilerdim. Entegem şol oturgyç düýşüme girýär we gije basyrganyp turýaryn.”
Bu waka Soýuz döwrüniň ýapyk metbugat politikasy sebäpli 2 ýyllap gizlenýär.
Halas edilen ýolagçylar uzak wagtlap özlerini kimiň halas edenini bilmän gezýärler.
Soň Karapetýan barada doklad taýýarlanjak bolanda wakanyň üsti açylýar we ol “For the Resque of the Drowning” (Gark bolanlary halas edeni üçin) medaly we UNESCO-nyň Fair Play baýragy bilen sylaglanýar.
Şeýle waka soňam Karapetýanyň başyna gelýär.
1985-nji ýylda-da ýanyp duran bir jaýa girip birnäçe adamy ýangyndan halas edipdi.
Şondan soňam bedenindäki agyr ýanyklar sebäpli uzak wagtlap hassahanada ýatmaga mejbur bolupdy.
Ol häzir 67 ýaşynda.
1993-nji ýyldan bäri Moskwada ýaşaýar we aýakgap ussaçylygy bilen güzeranyny aýlaýar.
Şeýle gahrymanlarymyzyň sany köp bolsun, eziz ildeşler..