📣 Sosial bähbitli gazanç näme diýmek?
🎏 Pul gazanmak, ýöne puly “il bähbitli sosial işler” esasynda gazanmak..
👑 Ýagny meselem bir ýetginjekdäki zehini görüp oňa maýa goýum etmegi pikir edip göreliň..
Bu biznes mi?! Elbetde biznes.
Emma il bähbitli biznes. Sebäbi özüňem pul gazanýaň welin esasy zat ýetginjegi jemgyýete galandyrýaň..
💲Aslynda kärhanalaryň gurulmaklarynyň maksady pul gazanmak. Bu barada sorag hem bolup bilmez.
Emma puly nädip gazanmaly?! Esasy sorag şol ýerde ýüze çykýar.
Her işewüriň öz pelsepesi bolýar.
Haýsy metodika, haýsy pelsepe esasynda ýöremeli kärhana?!
Meselem halka onçakly bähbidi bolmadyk işden 5 manat peýda gazanyp bolýarka, halka uly bähbidi degjek bir işden 1 manat peýda boljak bolsa haýsysy ilkinji orunda bolmaly?
Meselem 1 aýda 5 manat gazanmak has möhümmi ýa 1 ýyldan geljek aýlyk 10 manat girdeji möhümmi?
Bularyň hemmesi kärhanalaryň pelsepeleri bolýar we bu ýagdaý kärhana eýesiniň dünýä garaýşy bilen göniden-göni baglanyşykly.
Meň size bugün gürrüň berjek zenanym hakyky girişgen aslynda; emma maddy gazanjy 2-nji orunda goýýan bir girişgen işewür.
Öz esaslandyran Andela kompaniýasynyň üsti bilen Ruanda we Togo ýaly garyp ýurtlardaky ýetginjekleri IT ugrundan okadýar, taýýarlaýar we Silikon Jülgesinden iş aljak derejä getirmek üçin dyrjaşýar.
Ol bu işden girdeji gazanýarmyka diýen sorag ýüze çykmagy ahmal. Elbetde gazanýar. Emma onuň maksady köp pul gazanmak däl, manyly pul gazanmak..
Ol “eger sosial bähbitlere goşant goşmajak bolsa men ol ýerden peýda gazanyp näme edeýin” diýen pelsepe esasynda hereket edýär.
Kärhanasynyň adyny Nelson Mandeladan ylham alnyp goýlan.
Gumanitar kömek edarasy däl aslynda, ol bir kärhana; emma sosial maksatly çärelere birentek gumanitar kömek guramalaryndan has düýpli ýapyşýar.
Onuň kakasy bir nemes; wagtynda Germaniýadan ABŞ ýurduna jübüsindäki 200 dollar bilen gelipdir.
IBM kärhanasynyň kurslaryna gatnaşyp IT ugrunda ussatlaşypdyr. Şol ugurdanam çöregini gazanyp maşgalasynyy ekläp biljek derejä gelipdir.
Gyzyna-da kiçiliginden eden ündewleriniň biri “ähli zadyň başy öwrenmek, öz ukyplaryňy kämilleşdirmegi özüňe esasy ýörelge edin” bolýar.
Christina entek okuw döwürlerinden başlap gara tenlileriň aslynda üýtgeşik ukyplarynyň bardygyny; sungatda, aýdym-sazda we sportda beýlekilerden aňsatlyk bilen öňe saýlanyp bilýändiklerini göreninde, okuwyň güýjüni garyp milletlerdäki çagalara gönükdirmäge karar berýär.
Hytaýyň garyp sebitleri we Palestina ýaly ýurtlarda sapaklar berýär.
Iň soňunda-da Afrika ýurtlaryna geçýär we ol ýerdäki ýetginjekleri okadyp olary öz gazanjyny özi gazanyp biljek ýagdaýa getirmäge başlaýar.
Okuwyň we sosial bähbitleriň esasy maksat edinilýän bu görnüş kärhanalary günsaýyn köpelýär eziz ildeşler!