Emeli intellekt (Artificial Intelligence AI) kömegi bilen düzülýän applikasiýalar we programmalar durmuşymyzy özgertmäge dowam edýär. Bu ýagdaý şu günki günde köpleriň işini elinden aljaga çalym edýär.
Biz bu ýagdaýdan gorkmalymy?
Aslynda gorkmaly däl-de adaptasiýa geçmeli, ýagny bu ýagdaýa uýgunlaşmaly we özümizi kämilleşdirmeli. Sebäbi köp adamlaryň işlerini awtomatlaşdyrylan sistemalaryň ýerine ýetirjegi bolsa hakykat.
Eger seniň işleýän ýeriňe goşandyň “gaýtalanýan işlerden” ybarat bolsa gork.. Sebäbi bilermenleriň aýdyşyna görä AI tehnologiýasy diňe gaýtalanýan işlerimizi elimizden alar.
Diýmek awtomatlaşdyryp bolmajak artykmaçlyklarda özümizi kämilleşdirmegimiz zerur bolup durýar.
Meselem ofis gurşawyndaky adaty bir işgäriň wagtynyň näçe bölegi gaýtalanýan işlerden ybarat siziň pikiriňizçe?
Bu wagt bölegi ortaça 60% diýip çaklanýar.
Bu näme diýmek?
Ýagny her birimiziň işleýän ýerimizde geçirýän wagtymyzyň ýarysyndan gowragyny ýakyn geljekde AI robotlary aljak diýmekdir.
Muňa ýüzlerçe mysal berip bolar.
Bir hasapçynyň ofisde geçiren wagtyny pikir edip göreli. Kwitansiýalar, fakturlar, hasaplar we şm işler bilen meşgullanýar. Bir AI applikasiýa bar; kagyzy okatsaň ol kwitansiýamy fakturmy başga zatmy derrew seljerip degişli ýerine hasaba goýýar. Kimden gelen faktur, näme barada, haýsy senede, näçe summa we şm maglumatlary elde girmek gerek däl, ony şol applikasiýa 2 sekuntda edýär we hasapçynyň wagty tygşytlanýar.
Meselem ammarçynyň wagtynyň agramly bölegini nämeler alýar siziň pikiriňizçe? Karobkalary tertiplemek, öňki gelen harytlar bilen soňky gelenleri seljermek, azalan harytlaryň hasabyny tutmak.. Indi bularyň hijisi üçin ammarçy gerek däl.
Mysallary köpeldip bolar elbetde..
Adaty hasapçy bolmak, şol ugurdan diplomyň bolmagy indiki döwürde çözgüt däl. Hökmany suratda özüňi yzygiderli kämilleşdirmek zerur.
Hasapçy bolsaň adaty hasapçy bolma.. Şol ugurdan çykan täze AI tehnologiýasyny özleşdir we öz kärhanaňda öňdbaryjy innowator bol.. Hiçbir AI sistemasy öz-özi işlemeýär, ony biri ulanmaly ahbetin.
Ammarçy bolsaň ammar sistemalaryndaky AI täzeliklerini kärhanaň ýolbaşçylaryndan öňürti özüň öwren we özleşdir. Ol sistema seniň gaýtalanýan işleriňi eliňden almagy ahmal ýöne eger seniň artykmaçlygyň gaýtalanmaýan işlerden ybarat bolsa gorkmak gerek däl.
Satyş bölüminde işleýän bolsaň-da, mugallym bolsaň-da bu AI sistemalaryndan peýdalanmak saňa hemişe goldaw berer.