Ömründe hiç öýlenmedik Franz Kafka (1883–1924) birgün Berlinde bir parkda gurjagyny ýitireni üçin aglap oturan bir gyzjagaza gabat gelýär.
🌹 Gyzjagaz bilen bilelikde parkyň içinde gurjagy gözlemäge başlaýar, emma gurjak tapylmaýar.
🌹 Ertesi gün Franz Kafka gyzjagaza gurjagyň adyndan ýazylan bir hat gowşurýar. Hatda şeýle ýazylan:
💌 “meň üçin gynanma, dünýäni öwrenmek üçin syýahata çykdym men, isleseň saňa gören-eşidenlerimi gürrüň bererin.”
Gyzjagaz muňa diýseň begenýär.
🌹 Şeýlelikde täze hekaýalar başlanýar.
💌 Kafka gyzjagaz bilen her gabatlaşanynda oňa geň-enaýy başdan geçirmeler okap, göwnünden turjak gürrüňler bilen üstüni ýetirýär.
🌹 Iň soňunda aradan esli wagt geçeninden soň Kafka dükandan bir gurjak alyp gyzjagaza berýär.
🌹 Gyzjagazyň geň görüp “meň gurjagyma hiç-hili meňzemeýär” diýmegine mähetdel, gurjaga gysdyrylan haty açyp okap berýär.
💌 “syýahat meni diýseň üýtgetdi”
🌹 Muňa begenjinden gözleri buldurap giden gyzjagaz gurjagyny öpüp, bagryna basyp buýsanç bilen öýüne gaýdýar.
👉 Bu wakadan 1 ýyl soň Kafka aradan çykýar.
🌹 Aradan ençeme ýyllar geçensoň şol gyzjagaz ýetginjek çaglaryna ýetende gurjagyň tikinleriniň içine bukulan bir hat tapýar.
💌 “Söýgüli zatlaryň birgün senden gitse-de söýgi başga bir görnüşde hökman saňa dolanar.”