Gazagystan 2019-njy ýylda jemi 24,1 milliard dollar inwestisiýa çekdi
Goňşy we doganlyk ýurdumyz Gazagystan her-hili global maliýe kynçylyklaryna garamazdan 2019-njy ýylda jemi 24,1 milliard dollarlyk daşary ýurt inwestisiýasy çekmegi başardy we bu mukdar 2018-nji ýyldaky 24,3 milliard dollarlyk maýa goýumyna golaýlady.
Şu ýerde 2018-nji ýyldaky mukdaryň şol ýylky Orta Aziýa ýurtlaryna edilen jemi maýa goýumlaryň 80%-ine deň bolandygyny ýatlatmak gerek.
Şeýlelikde Gazagystan, Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri özüne çeken Daşary Ýurt Gönümel Maýa Goýumlaryny (FDI; Foreign Direct Investment) 350 milliard dollara ýetirdi.
Hasabatdan üns çeken käbir beýleki maglumatlar şeýleräk:
Maýa goýumlaryň 56,3%-ini ýagny 13,58 milliard dollarlyk mukdary ýurt çägindäki metallurgiýa pudagy çekdi we bu mukdar, öňki ýyldaky maýa goýumdan 60% ýokarydyr.
Jemi çekilen maýa goýumyň 14,3%-ine deň bolan 3,5 milliard dollary önümçilik pudagyna, 3 milliard dollary söwda pudagyna, 1,1 milliard dollary transport we ammar pudagyna we 1 milliard dollary bolsa maliýe we ätiýaçlandyryş pudagyna gönükdirildi.
Gazagystana iň köp maýa goýýan ilkinji bäş ýurt 2019-njy ýylda üýtgemedi. Iň uly maýa goýujy bolmak bilen Gollandiýa Gazagystana (30,2%) 7,3 milliard dollar, ABŞ 5,5 milliard dollar (23.0%) we Şweýsariýa 2.2 milliard dollar maýa goýum etdi.
Ýene bir bellemeli zat, Hytaý Halk Respublikasy maýa goýumlary boýunça Russiýa Federasiýasyndan öňe geçip 1,7 milliard dollar bilen (7.0%) 4-nji ýeri eýeledi, Russiýa Federasiýasy bolsa ilkinji bäşlige — 1,4 milliard dollar (5,8%) bilen girdi.
Ýaşaýyş we azyk pudagy, maýa goýumy geçen ýylka garaňda 10 essä golaý (175,6 million dollar), suw üpjünçilik proýektleri hem 3 essä golaý (18,4 million dollar), transport maliýeleşdirmeleri hem 50,7% (372 million dollar) ýokarlandy.
Beýleki tarapdan bolsa maýa goýumlar maglumat we aragatnaşyk pudagynda 31,4% (58,1 million dollar), hünär, ylmy we tehniki proýektlerde 24,8% (167,1 million dollar), maliýe we ätiýaçlandyryş pudagynda 22,4% (293,2 million dollar) azaldy.
Maýa goýumçylar azyk, içgi we temmäki önümçiligine goýumlaryny 50% ýokarlandyrdylar.
Hindi maýadarlary Türkistan sebitinde fastfood taslamasyny durmuşa geçirdiler. Önümçilik kuwwaty 180 tonna barabar bolan zawodda jemi ýüzden gowrak ýerli raýat işleýär we zawod öz önümlerini ýerli bazardan daşary Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna we Hindistana eksport edýär.
Bu ýerde ýene bir bellemeli zat, Singapur maýa goýumlary ösüş depgini boýunça öňdeligi eýeleýär. 2019-njy ýylda şäher-ştatdan gelen maýa goýum 7 esse artdy we takmynan 166 million dollar boldy.
Singapur maýa goýumlary barada aýdanymyzda, “KinderWorld International” adyndaky Singapurly kompaniýa Nur-Soltan, Almaty we Şymkentde bilim merkezlerini gurmagy meýilleşdirýär. Taslama üçin şu güne çenli ýer bölünip berildi. Şeýlelik bilen, ýakyn wagtda Singapuryň mekdep ulgamy Gazagystanyň okuwçylary üçin elýeterli bolar.
Türkiýeden gelen maýa goýumlary hem 20% ösüş bilen oňyn dinamika görkezdi. 2019-njy ýylda Türkiýe Gazagystanyň taslamalaryna takmynan 358 million dollar maýa goýdy. Türk maýadarlarynyň iň uly taslamalaryndan biri, Karaganda sebitinde ýylda 144 müň tonna ferrosilikon öndürýän zawod bolup durýar, taslamanyň bahasy 93 million dollardan gowrak.
Belarus we Fransiýa hem oňyn maýa goýum dinamikasy görkezen ýurtlaryň hataryna girdi. 2019-njy ýylda Belarus maýadarlary maýa goýumlaryny 50%, ýagny 59 million dollardan 87 million dollara, fransuz maýadarlary bolsa 916 million dollardan 1,1 milliard dollara çenli 17% ýokarlandyrdy.
Belgiýa, Kanada, Lýuksemburg, Germaniýa we Hindistan bolsa Gazagystandaky maýa goýum işlerini azaldan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Bu ýurtlar geçen ýylky jemi 2,1 milliard dollar bilen deňeşdirilende 2019-njy ýylda bary-ýogy 1,6 milliard dollar maýa goýum etdiler.
2020-nji ýyl üçin çaklamalar
Häzirki wagta çenli 2020-nji ýyl üçin jemi 46,5 milliard dollarlyk 172 inwestision taslama meýilleşdirilýär. Taslamalar 58 müňe golaý iş ýerini döreder.
Umuman aýdanyňda, bu taslamalar agrosenagat, ýeňil senagat, magdan we metallurgiýa, maşyn gurluşygy, nebit-himiýa, arassa energiýa, logistika we beýleki ileri tutulýan pudaklaryny öz içine alýar.
Bütin dünýäni öz täsiri astyna alan global epidemiýa sebäpli 2020-nji ýylda maýa goýumlaryň azalmagy ahmal.
Emma Gazagystan Hökümetiniň getiren käbir ykdysady goldaw paketleri sebäpli ýene-de maýa goýum üçin položitel häsiýetde täzelikler bolar diýip çaklanýar.
Bu ýerde elbetde eýýäm gurulmaga başlanan desgalar bilen bir hatarda, şu günki güne çenli baglaşylan maýa goýum şertnamalaryny hem göz öňünde tutmak gerek.
Çeşmeler: