Global Pandemiýadan iň ýaramaz täsir alan pudaklaryň biri-de finans bolsa gerek.
Bütin dünýäde halkyň nagt pula çenden-aşa talap görkezýändigini, hatda meselem Ýewropada birinji çärýekde nagt çekilen puluň mukdarynyň 1,3 trillion dollara barandygyny öňki habarlarymyzda belläpdik.
Şotlandiýanyň RBS bankyna degişli bolan Natwest tarapyndan 6 aý mundan ozal döredilen Bo applikasiýasy, Appstore we Google Playden aňsatlyk bilen alyp bolýan dijital bank diýip özüni tanadypdy. Bo, 11 müňe ýeten abonentlerine garamazdan ýapylma karary alanlaryň arasynda öz ornuny aldy.
Ýene bir applikasiýa bolsa Monese. 2015-nji ýylda Angliýada ulanylyp başlanan Monese esasanam adaty bank hasap açmakda kynçylyk çekýän daşary ýurt raýatlaryna hyzmat berýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda 2 million abonente ýetse-de Monese örän kyn günler geçirýär.
Mobil bank hyzmary berýän Revolut-yň hem bu ykdysady krizisden ýaramaz täsir alýandygy barada ýaýran whatsapp we twitter gürrüňlerine kärhanaň ýolbaşçylaryndan Nic Storonsky jogap berdi.
“Biz fewral aýynda 500 million dollar maýa goýum alypdyk. Işlerimiz 2000-e golaý işgärlerimiz bilen öňküsi ýaly dowam edýär. Bulut merkezli bolanymyz üçin uzakdan hyzmat bermek meselesinde adaptasiýa geçmegimiz aňsat boldy.”
Rosenblatt Securities tarapyndan taýýarlanan hasabata görä global pandemiýanyň fintech pudagyna örän agyr zyýan bermäge dowam edýär. Krizisiň unicorn kärhanalaryna 76 milliard dollarlyk zyýan çekdirmegine garaşylýar.