Guzujyk we Möjek

Öwrenje
2 min readJul 16, 2020

--

Gürrüň berilişine görä beýik alym Ibn Sina bir ylmy barlag üçin ýaşy, jynsy, tohumy, agramy deň bolan iki guzujygy deň şertlerde ýöne aýratyn kapasalara salyp goýýar.

Bu guzujyklary deň görnüşde iýmitlendirmäge başlaýar.

Soň ýene bir kapasada möjek hem goýýar. Ýöne ol möjekli kapasa guzujyklaryň diňe birine görünjek şekilde sazlanýar, beýlekä ol görünmeýär.

Ýagny guzularyň biri hemişe möjegi göre-göre ýaşamaly bolýar, beýleki guzy bolsa öz kapasasynda arkaýyn ýaşaýar.

Netijede möjek bilen bakyşyp oturan guzy gorkujyndan ýaňa işdäsi kesilip, iýmitlenmegi bes edýär, horlanýar we keselläp 3 aýyň içinde ölýär.

Möjek guzujyga hiç-hili zyýan bermedigem bolsa onuň barlygynyň gorkusy guzujygy öldürmäge ýetýär.

Beýleki guzy bolsa 3 aý içinde ep-esli ulalyp semreýär we onda keselden nam-nyşan bolmaýar.

Durmuşymyzda başymyza entek gelmedik bir-entek negatiw ähtimallyklar sebäpli öz ruhumyzy we bedenimizi harlamaga dowam etmek bize hiç-hili peýda etmeýär.

Gaýgy çekmek belalary ýok etmeýär.

Gaýgy etsek we munuň netijesinde belalar azajygam bolsa azalýan bolsa ýene ýagşy; çeken gaýgylarymyz peýda etdi diýip pikir etsegem bolar. Emma bu gynansagam beýle däl.

Gaýgy özümizi öldürmegi ýola goýmakdan başga zat däl ahbetin..

Gaýgysyz durmuş arzuw edýän eziz ildeşler!

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet