Dünýäniň iň uly brendlerinden biri bolan Starbucks-y Starbucks eden işewür Howard Schultz-yň başarnyga tarap ýörän ýoly köp adam üçin ylham çeşmesi bolup durýar. Onuň durmuş hekaýasyndan “sagdyn görüşe (vision) eýe bolmagyň we işiňi ynanç bilen etmegiň iru-giç başarnyk gapylaryny açýandygyna göz ýetirse bolýar.
Çagalyk we Ýetginjeklik Döwri
Howard 1953-nji ýylyň 19-njy iyulynda Newýorkda dünýä inýär. Kakasy ýük ulag sürüjisi, ejesi bolsa öý bikesi.
Howard 7 ýaşyndaka kakasynyň bir sebäp bilen aýagy döwülýär we öňdenem eklenç derdinde bolan maşgala onuň esli wagtlap işläp bilmänligi üçin has hem kyn ýagdaýa düşýär. Aýlykly işgär bolan kakasynyň çekýän kynçylyklary, iş tapyp bilmän köp wagt işsiz gezmegi we işlän döwürlerinde-de köplenç hakyny alyp bilmän lapy-keç ýaşamagy çagalygynda Howardy uly täsir astynda goýýar.
Kakamyň şol döwürler çeken kynçylyklary her ýadyma düşende gaty gynanýaryn. Ýönekeý bir işgär bolandygy üçin ol hemişe gerekli hormaty görüp bilmän ýaşady.
Howard 12 ýaşynda işlemäge başlaýar. Gazet paýlap ýa-da offisiant bolup gazanç edýär we maşgalasyna goşant goşýar.
Kiçiliginden bäri sport bilen meşgullanyp gelýändigi üçin, ýaşy ýetende şol ukyby sebäpli doly talyphaky bilen Northern Michigan Uniwersitetine ýerleşýär.
Howard iş durmuşyndaky ilkinji günlerinden başlap haýsy işi edende-de kemsiz etmäge çalyşmagy bilen töweregindäkilerden tapawutlanýardy. Kakasynyň çeken kynçylyklaryny hiç-haçan ýadyndan çykarmaýan we işinde başarnyga eýe bolmakdan başga çäresi ýokdugyna doly düşünýän bir ýetginjekdi.
Starbucks bilen tanyşmagy
1975-nji ýylda Uniwersiteti tamamlanyndan soň 3 ýyl satyş işgäri bolup zähmet çekýär. Hat-da bir döwür Starbucks-a kofe apparaty we kofe üweýji enjam hem satýar. Starbucks-yň bu enjamlara uly isleg bildirmegi sebäpli gürrüňdeşlik geçirmek üçin firmaň Seattle-daky merkezine hem barýar we ilkinji sapar şol ýerde Starbucks kofesini içip görýär.
Starbucks merkezinde kofe içip görenimden soň öz içimden “Nähili ajap iş.. Menem şul kofe işiniň içinde bolmak isleýärin” diýipdim.
29 ýaşyndaky Howard Starbucks-a işe girmek üçin ençeme sapar resminama tabşyrýar we kärhanaň eýesi Jerry Baldwini Seattle-daky ýeke-täk ýerinden başga, beýleki şäherlerde-de Starbucks açmak üçin dil dökýär.
Baldwin ahyr-soňy bu pikir bilen razylaşyp Howardy kärhanaň marketing müdiri edip işe alýar. Howard öňki işinde alýan aýlygynyň ýarysyna bu işi kabul edýär, sebäbi bu işde ullakan bir pursat görýär.
Meň pikirimçe başarnykly adamlar haýsy-da bolsa bir işi amala aşyrmak üçin ynanyp bolmajak derejede ruhy bir güýje eýe bolýarlar. Ýeňmek üçin energiýa sarp edýärler. Gynansagam bu dünýäde gaty az adam iş durmuşynda uly bir riske girmäge höwesek.
Starbucks günleri
1982-nji ýylda Seattle-a göçüp gelýär. 1983-nji ýylda bir iş sapary bilen Italiýa ýurduna barýar we kärhanaň geljeginde uly öwrülişige sebäp boljak bir pikir edinýär. Italiýada kofe diňe içilýän zat däl, eýsem adamlaryň sosial pişesidi. Adamlar kofe içmek üçin kafelere gelýär, gürrüňdeş bolup oturýar we özara hoşwagt sarp edýärdiler. Emma ABŞ-da muňa diňe kiçi restoranlarda gabat gelip bolýardy.
Howard bu ýagdaýyň ullakan bir pursat bolup biljekdigini belläp Jerry Baldwine “kofe içilýän dükanlar” açmak barada teklip edýär. Emma Baldwin bu pikiriň Starbucks-a ýaramaz täsir etjeginden howatyr edip muny kabul etmeýär. Howardyň birnäçe wagtlap dil dökmegi peýda etmeýär we netijede Howard ol işinden çykyp öz biznesini gurnaýar.
Diňe öň edilip görülmedik zatlary edip görýänler uzyn ömürli kärhana gurup bilerler. Hakyky başarnyk diňe şonda gazanylýar.
1,7 million dollarlyk şahsy emläginiň ählisini ulanyp, üstüni hem karz bilen hemem bankdan kredit çekip tamamlan Howard 1986-njy ýylda Il Giornale ady bilen kofe içilýän dükan açýar we ilkinji günde 300-den gowrak müşderi jemlemegi başarýar.
Aradan 1 ýyl çemesi wagt geçenden soň Starbucks satlyga çykýar. Aksionerleri kärhananyň dolandyryş külpetine çäre tapman ony tutuşlygyna satmagyň ugruna çykýarlar. Howard ony satyn almak isleýär emma munuň üçin gerek bolan 4 million dollary jemlemekde kynçylyk çekýär. Bu mukdary käbir maýa goýumçylardan almagyň ugruna çykýar. Kärhanaň ilkinji maýa goýumçylaryndan biri Bill Gates bolýar. Netijede Howard bu puly jemlemegi başarýar we munuň üçin maýadarlara 5 ýyl içinde ABŞ içinde 125 dükan açmagy wada berýär.
Starbucks nädip bir dünýä brendine öwrüldi?
Howardyň kärhananyň jogapkärçiligini öz üstüne alanyndan soň dolandyryş ugry boýunça käbir kadalar getirýär. Ýokary netijelilikdäki topardaşlyk duýgusy we kofe hiliniň hemişe ýokarlandyrylmaga dowam edilmegi Howard üçin iň esasy 2 mesele bolup durýar.
Ynsany merkezine alýan bir dolandyryş pelsepesi bardy Howardyň. Starbucks sistemasyny halk köpçüligine söýdürmäge pugta çemeleşýärdi. Çünki brend bilen duýgy bagyny diňe şeýdip durmuşa geçirip boljagyna ynanýardy.
Kofe içmegiň romantiki bir pişedigini ündeýän marketing çäreleri, ýatda galyjy we mylakatly mahabat işleri amala aşyrdy.
Şugünki günde indi herkime mälim bolan self-serwis Starbucks-yň iň köp ähmiýet berýän we ýeten derejesiniň iň uly sebäpkäri bolup durýar.
Kärhana hyzmatyny ABŞ daşyna ýaýratmaga 1996-njy ýylda karar berýär Howard. ABŞ daşynda ilkinji Starbucks dükany Ýaponiýada açylýar. Soň Singapur, Günorta Koreýa, Angliýa, Gollandiýa, Şwesiýa hem-de Ysraýyle girýär Starbucks.
Şugünki günde dünýä boýunça 76 ýurtda 27.000-den gowrak Starbucks dükany bar.
Starbucks dükan sany boýunça iň öňde barýan ýurtlar Angliýa (982), Türkiýe (428), Germaniýa (157) we Fransiýa (154) bolup durýar.
Kärhanaň dolandyryjylygyndan çekilen Howard Schultz-yň 3,9 milliard dollarlyk şahsy emlägi bar.