Iýmit Pudagynda Blokzynjyry tehnologiýasy

Öwrenje
1 min readMay 4, 2020

--

Öndürilýän iýmit önümleri öndürilende näçe mukdarda uglerod zyňyndysy tebigata göýberildi?

Önümçilik prosesinde işleýän zähmetsöýerlere adamkarçilik düzgünleri doly berjaý edildimi?

Bu soraglar indi sarp ediji ilat tarapyndan bilesigelijik bilen soralýan soraglar.

Elbetde bu babatda metbugatda çykýan habarlar we önümçileriň öz berýän maglumatlary öňler belli bir derejede peýda edýärdi. Emma indi sarp edijiler bu maglumatlara ynanmaýar we önümçilik prosesine has köp gözegçilik etmek isleýär.

Muny amala aşyrmagyň ýeke-täk ýoly bolsa blokzynjyry tehnologiýasydyr. Muny IBM Food Trust kärhanasy köpden bäri amala aşyryp gelýär.

Maslahatçylyk firmasy 2019-njy ýylyň soňky çärýeginde 26 ýurtdan jemi 26.000 adama blokzynjyry barada soraglar sorandygyny belleýär. Geçirilen anketada bütin dünýäden gatnaşan ilatyň 31%-i iýgi-içgi brendleriniň saglykly önümçilik edýänine ynanmaýandygyny, 25%-i bolsa bu ynamsyzlygyň soňky 2 ýylda has-da ýokarlanandygyny aýtdy.

Global brendler sarp ediji ilatyň ýyl-saýyn ýokarlanýan mukdarda tebigat we adamkärçilik düzgünlerine gözegçilik etmek isleýändiklerini görýär. Sarp edijileriň 58%-i önümleriň öndürilme prosesinde näçe mukdarda uglerod zyňyndysyny tebigata göýberýändigini bilmek isleýär.

Bu maglumatlaryň olaryň satyn alma häsiýetlerine görnetin täsir etjekdigi welin ikuçsyzdyr.

https://fmcggurus.com/blog/fmcg-gurus-should-brands-adopt-blockchain-technology/

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet