“Kontrol edip bilmeýän işiňi dolandyryp hem bilmersiň” diýen sözi megerem köpimiz eşiden bolsak gerek. Bu sözüň hakykat bolmagy bilen bir hatarda indi ýeterlik däl. Köp telekeçiler entek bu ýagdaýa hem uýgunlaşyp ýetişmänkä bu derejäň hem ýeterlik bolman başlamagy örän täsin bir global tizlikdir.
Mysal bermekçi bolsak; aluw-satuw pudagynda ammardaky harytlaryňy kontrol edip bilmek gerek; azalýan harytlaryň gutarmanka buýurmak bilen yzygiderligi hökman saklamaly..
Ýa-da bir zawod ýöredýän bolsaň ätiýaçlyk şaýlaryňy kontrolda saklamak gerek.
Reaktiw däl, Proaktiw AI
Ýöne bu kontrol çözgütleriň ählisi reaktiw çäre getirýär; ýagny bolan zady, bolup oturan zady seniň dykgatyňa ýetirýär. Emma indi proaktiw AI çäreleri özüni görkezip başlady; ýagny bolaýjak zatlary biziň dykgatymyza ýetirýän sistema geldi.
- Meselem bir market ýöredýän bolsaň häzirki sistema şeýleräk işleýär; mysal üçin geçen 5 ýylyň awgust aýlarynyň 2-nji hepdelerindäki buzgaýmak satyşlaryny seniň dykgatyňa ýetirýär we gerekli wagt öňünden saňa duýdurýar.
Indiki AI sistemalary bolsa şol 5 ýylyň degişli wagtlaryndaky howa maglumatyny, öňki buýurmalaryň näçe günde getirilendigini, getirilen harytlaryň zaýa çykma göterimini, buzgaýmak zawodynyň maýadarlarynyň üýtgemeginden döräp biljek riskleri, zawodyň bank we bergidarlary bilen arasyndaky gatnaşyklaryň hil ýagdaýyna çenli hasaba alyp belkäm şol hepde has az buýurma üçin duýduryş berýär we üns bermeli ýerlerine dykgat jemlemek üçin signal berýär.
- Meselem zaýa haryt çykma ähtimallygy iň ýokary bolan zawoddan haryt gelen wagty gyzyl çyra ýanyp sönýär. Soňam kompýuter ekranyňy alternatiw başga zawodlaryň haryt hasabatyna gömýär. Aslynda indi bu zatlary duýduryş hem bermän awtomatik usulda özi edýär.
- Biz öýlerimizde howa sowasa peji gataldyp, yssylasak peseldýäs ýa-da öçürýäris.. Täze AI sistemalarynda muny özüň açyp ýapmak diýlen zat düýbünden aradan çykýar.
- Meselem biznes äleminde satmak hem möhümdir welin ondanam möhüm mesele puluňy alyp bilmekdir. 1 million dollarlyk harydy müşderilere paýlap çykmak satyşyň birinji ädimi, sebäbi muny hem edip bolmaýan halatlar bolup bilýär. Emma şol harytlaryň puluny jemläp bilmeseň näme manysy bolar satyş etmegiň?
AI tehnologiýasy bu gereklilige çäre hökmünde täze applikasiýalar döredip başlady. Müşderiniň bankdaky risk ýagdaýy, töleg geçme endigi we muňa baglylykdaky risk göterimi, şahsy emlägindäky üýtgeşmeler, satyş grafigindaky adatdan daşary görkezmeler esasynda entek harytlary oňa eltmänkäň saňa bir risk hasabaty berýär.
- Meselem herkimiň maksady haryt satyşlaryndan iň ýokary peýda görmek diýen ýörelgeden ugur alyp, AI tehnologiýasy kişä görä baha çykaryp berýär. Müşderiniň big data ulgamyndaky maglumatlaryndan şol haryt üçin çekilýän zerurlyga görä hasaplap çykarýar.
- Sport aýakgap öndürýän firmalar üçin mahabat kömegi berýän AI çözgütleri hem bu ýerde belläp geçip bolar diýip pikir edýärin. Uçdantutma ähli ulgamlarda reklama bermek gaty ýokary çykdajy talap eder. Muňa çäre hökmünde diňe ertirlerine ylgamagy endik edinen, sport zallaryna gatnamaga dowam edýän adamlaryň diňleýän spotify sazlaryna reklama berdirýär. Şunluk bilen reklama göni adrese gowuşýar.
AI tehnologiýasynyň esasy ýörelgesi adamdyr. Adam möhümdir we onuň wagty hem möhümdir. Onuň wagtyny tygşytlamaly we tehnologiýanyň ýerine ýetirip bilmejek mowzuklaryna kelle döwmegi üçin adamlara şert döretmeli.
Bu ýörelge özboluşly riskleri hem öz içine alsa-da häzirlikçe dünýe şol tarapa iň soňky tizlik bilen gidip barýar.
Bu ýagdaýa ýa uýgunlaşmaly, ýa-da täzelikçi dünýe barybir bizi ýoldan çykarjakdyr.