Işewürlik dünýäsinde işgärlerinden ýüz öwürmeýän kärhanalaryň dura-bara has girdejili bolýandygyny indi göre-göre gelýäris. Ýagny “dogry işgäri işe al we ony kämilleşdir” diýen pikir esasy ýörelgämiz bolmaly.
AT&T kompaniýasy muňa iň aýdyň mysallardan biridir.
- 2013-nji ýylda öz geçiren analizinde 240 müň işgärinden 100 müňüniň edýän işiniň ýene 10 ýyldan ýitip gitjekdigini anyklaýar. Ýagny şunlukda olaryň ukyplary hem gereksiz bolup galýar.
Bu ýagdaýda edip boljak 2 zat bar:
- Ol işgärleri 10 ýylyň dowamynda kärhanadan daşlaşdyryp, olaryň deregne täzelikçi iş görnüşlerine has kybapdaş ukyby bolan täze işgärleri almak.
- 100 müň işgäri kämilleşdirmek.
- Şunlukda AT&T ýolbaşçylary işgärlerini 2020-nji ýyla çenli okadyp kämilleşdirmegi saýlady.
- Onlaýn okuw portaly döredilýär we onuň üsti bilen amala aşyryljak bir tehnologiki täzelige geçiş plany taýýarlanýar. Bu planyň taýýarlanmagy we durmuşa geçirilmegi üçin köp sanly maslahatçy we bilermen bilen bir hatarda 32 ýokary okuw jaýy aktiw gatnaşýar.
- Işgärleri bu planyň çärelerine aktiw gatnaşmaga höweslendirmek üçin “täze ukyplaryň karýera basgançaklarynda beýgelmäge 4 esse köp mümkinçilik” döredýändigini yglan edýär.
- Bu plan işgärlerde kärhana sadyklygy we innowasion işjeňligini görnetin ýokarlandyrýar.
- Kärhana girdejileri 27% köpelýär we 2017-nji ýylda “işläp boljak iň gowy kärhana” sanawynda ilkinji 100-lige girdi.
- Kärhana bu plan üçin 1 milliard dollar harç etdi.
- Bu mukdar, serişde taýdan ýokary ýaly bolup görünýär. Emma 100 müň işgäri işden çykaryp olaryň ýerine täze işgärleri almak prosesini hem göz öňünde tutanyňda bu harajata degendigini görse bolýar.
- Galyberse-de bu ýagdaý beýleki işgärleriň motiwasiýasyny hem görnetin aşakladardy.
AT&T muny başardy.
Aňsady däl kyny saýlady..
Netijede peselmegi däl, beýgelmegi saýlandygy babatda hiç-hili şübhe ýok.