“Häzirki çagalar lýuks ýaşamagy halaýarlar, ýaşulylara hormatlary ýok.
Ýaramaz gylyklary kän we zähmet sarp etmege derek gury gürrüňi gowy görýärler.
Olar indi öýlerinde gul däl-de beg ýaly. Özlerinden ulular otaglaryna gireninde ýerlerinden turup salam bermeýärler. Ene-atalary bilen aralarynda häli-şindi dawa-jenjel bolýar we saçagyň başynda özlerini nähili alyp barmalydygyny birjik-de bilmeýärler. Mugallymlaryna hormaty bolsa ýatdan çykardylar.”
Bu sözler size tanyşmy?
Ýaş nesillerimizi beýan etmek üçin hemişe bu sözleriň üstüni ýetirip ulanýarys şeýle dälmi?
Belkäm bu sözleri döwürdeşlerimizden biri, ýa-da özümiz sarp edendiris?
Ýok, bu beýle däl.
Bu sözler beýik filozof Sokrata degişli we ol biziň eramyzdan öň 469–399 ýyllary arasynda ýaşap geçdi.
Hawa, bu sözler 2500 ýyl öň sarp edilen sözler.
Umuman kabul edilýän kada hökmünde şeý diýilse bolar:
“her nesil özünden öňki nesilden hoşal däl”
Edil meň özüm-ä geljekki nesilden köp zat hantama..
Ýaramaz mysallar bar aralarynda, emma olar biziň aramyzda-da köp gabat gelmeýärmidi näme?
Onsoňam olar şeýle ýaramaz bolsa bu olaryň günasimi?
Olary terbiýelän kim?
Olara görelde bolan kim?
Olar gülden ybarat we bizem bagbanlyk edýäs olara..
Gül solýan bolsa günä güldemi?
Azajyk özümizi düzeltsek ne ajap bolardy dostlar, ne ajap bolardy?