Soňky döwürleriň iň üns çekýän kärhanalaryndan biri-de megerem Netflix bolsa gerek.
Şuwagtky başarnygy göz gamaşdyrýanam bolsa Netflix bu başarnyga örän kyn ýollardan ýetdi.
Netflix 1998-njy ýylda gurulanda bu pudagyň iň uly oýunçylarynyň biri Blockbuster-dy we ol müňlerçe dükanlary bolan bir kärhanady. Täze çylan kinofilmleriň wideo ýazgy hyzmaty bermek we ýazgylary köpeltmek bilen meşgullanýardy. Başgaça aýdaňda Blockbuster-yň işi wideo prokat hyzmaty bermekden ybaratdy.
Netflix bu pudagyň uzak wagtlap beýle dowam etmejekdigini, tehnologiýanyň miwelerinden peýdalanmak gerekdigini, internet ulgamyndan öz-boluşly peýdalanyp bolsa wideo prokatlary kassetalar üsti bilen däl, gönümel internet üsti bilen berjaý edip bolýandygyny aýdýardy.
Netflix buiş pikirini Blockbuster ýolbaşçylary bilen paýlaşanlarynda olar bu pikiri onçakly oňlamadylar.
Şunluk bilen Netflix öz ýoluna ýeke başlady.
Aradan 2 ýyl geçenden soň Blockbuster megerem öz ýalňyşyna düşünip Netflix-i satyn almak isledi we 50 million dollarlyk teklip berdi emma Netflix muny kabul etmedi.
Aradan ýene 7 ýyl geçenden soň Netflix öz internet portalyny döretdi we bütin wideo arhiwini internet üsti bilen ýaýratmaga başlady.
Beýleki tarapdan bolsa tehnologiki täzeliklere uýgunlaşmakda säwlik üstüne säwlik göýberen Blockbuster-iň birža bahasy ýylsaýyn aşaklaýardy.
2011-nji ýylda iki kärhanaň bazar bahasy deňleşip 2,5 milliard dollar töwerege bardy.
Emma Blockbuster müňlerçe dükanyň arenda tölegleri, işgär çykdajylary we dvd we şm harajatlar bilen adatdan daşary gümra bolýardy we geljekki planlaryna täzeliş girizmeýärdi.
Netflix-iň beýle zähmet ýadawlygy ýokdy, sebäbi işleriniň aglabasy internet ulgamynda dowam edýänligi üçin harajatlary gaty azdy.
Şondan ýene 1–2 ýyl geçenden soň Blockbuster bankrot boldy.
2016-njy ýyla gelenimizde Blockbuster taryh sahypalarynda öz ýerini alanda Netflix-ıň bazar bahasy 8 milliard dollardanam geçipdi.
Häzirki günde-de bu kärhana günsaýyn ösüp barýar.