Paypal-den gopmak Ebay-e ýaramady

Öwrenje
1 min readMay 9, 2020

--

Silikon Jülgesiniň iň özboluşly işewürlerinden biri bolan Elon Musk tarapyndan esaslandyrylan Paypal, Ebay tarapyndan 2002-nji ýylda 1,5 milliard dollara satyn alnypdy.

Şondan soň e-söwda platformasy bolan Ebay öz onlaýn töleglerini Paypal sistemasy arkaly amala aşyrýardy we bu iki kärhana arasyndaky işjeň gatnaşyk örän ajaýyp görnüşde dowam edýärdi.

2015-nji ýylda Paypal spin-off usuly arkaly Ebay-den gopdy. Bu usula gysgaça “esasy kärhanaň çenden-aşa ulalýandygy üçin, dolandyryşda aňsatlyk bolar ýaly bölünmek arkaly ulalmak” diýsek hem bolar. Ýagny Ebay-iň eýeçiligindäky Paypal düýp kompaniýadan aýratyn bolup öz işine dowam edýär ýöne Ebay-e degişli bolmaga dowam edýär.

Ýöne soňra Ebay Paypal bilen gatnaşyklaryny bütinleý duruzandyklaryny we töleg hyzmatlary üçin Paypal-yň bäsdeşi Gollandiýa merkezli Adyen bilen ylalaşandyklaryny mälim edipdi. Ýagny Paypal bilen Ebay öz arasyndaky hyzmatdaşlyklaryny hem duzurypdy.

Kärhanalaryň 2015-nji ýyldan soňky bazar bahalaryna seredip bu aýralykdan Paypal-iň gazançly çykandygyny, Ebay-e bolsa bu aýralygyň ýaramaz täsir edendigini aýtsa bolar. Aýralyk pursatynda köp bilermenleriň çaklaýyşlarynyň tersine bir ýagdaý emel geldi. Megerem 2015-nji ýyldaky Ebay-iň ägirtligi olary ýalňyş çaklama etmäge mejbur edendir.

Işewürlik pudagynda her-ki zat surpriz bir öwrülişige sebäp bolup bilýär hemişe..

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet