Revolut, ýa-da täzeçe bank hyzmaty

Öwrenje
2 min readApr 5, 2020

--

Ykdysady durmuşymyzda öňümizdäki ýyllarda bank diýlen zat boljakmy?

Ýa-da bank diýlen zat nähili häsiýetde boljak?

Pul terminine nähili düşünmeli bolarys?

Hakykatdanam halk-ara serişde gatnaşyklaryna nähili täzelikler girizilýär?

Bu soraglar meniň hemişe ünsümi çekmäg dowam etdi, häzirem ünsümi çekýär? Sebäbi dünýäniň ykdysady düzgünleri täzeden düzülýär we bu ýagdaý gysga wagtda bizi hem öz täsiri astyna alar, hatda häzirden almaga başlady.

Meniň soňky ýyllarda iň ünsümi çekýän Fintech kärhanasy Revolut bolup durýar.

Bu kärhana soňky günlerde öz maliýeleşdirmesiniň D tapgyrynda 500 million dollar maýa goýum çekip bazar bahasyny 5,5 milliard dollara çykarypdy.

Bu kärhana diňe dijital sistemadan ybarat we bazar bahasy meselem düzüminde 200 töwerek uçarlary we 100 müň töwerek işgäri bolan köp howaýoly kärhanalaryň bahasyna barabardyr.

2019-nji ýylda öz aktiw müşderi sanyny öňki ýyla garaňda 169% köpelden Revolut, jemi 10 million adama hyzmat berýär we indi ABŞ-da hem hyzmat bermäge başlady.

Revolut, 2015-nji ýylda Nikolaý Storonski ve Wlad Ýatsenko tarapyndan Londonda guruldy. Storonski we Ýatsenko bu işe girmekleriniň sebäpleri hökmünde adaty banklaryň dijital hyzmatlarda örän pes derejede bolmagy we bu ýagdaýdaky banklara täze nesil tarapyndan talap gelmeýändigi bilen düşündirýär.

Revolut özüni adaty we fiziki banklaryň alternatiwi hökmünde bir dijital bank platformasy diýip tanadýar. “Men bank däl diýýär: men birnäçe bank hyzmatlaryny ýeke bir platformada birikdirýän serwis” diýýär.

Revolut Ýurtlaryň arasyndaky araçäkleri aýyrmak we kripto walýuta älemine integrasiýa ýaly modern täzelikler getirmegi maksat edinýär.

Nähili täzelikleri getirýär?

Şugünki günde Revolut arkaly 29 ýurduň walýutasyny halk-ara geçirim edip bolýar, bir walýutany 24 üýtgeşik ýurt walýutasyna çalşyp bolýar we üstesine-de bu hyzmatlar üçin Revolut hiçhili goşmaça töleg almaýar we dessine amala aşyryp berýär.

Bank-ara pul geçirimleriniň (swift) Ýewropa ýurtlarynda-da 2–3 gün wagt almagy we hepde ahyrynda banklaryň ýapyk bolmagy, bank dokumentasiýasynyň agraslygy ýaly şertleri göz öňünde tutanyňda bu hyzmatlaryň nähili ajaýypdygy ikuçsyzdyr.

Revolut-da şahsy we ýuridiki müşderi bolup ýokary tizlikde hasap açyp bolýar we birnäçe banklardaky hasaplary ýeke bir platformadan kontrol edip töleg maglumaty we pul dolanyşygyny amala aşyryp bolýar.

Ondan daşary hem Revolut hasaby arkaly kripto walýutalar bilen hem işjeň çemeleşip bolýar.

Elbetde bu gysgajyk sütüne bu täsin we täzelikçi sistema barada ähli aýratynlyklary sygdyryp bolmaz. Bu baradaky täzelikleri yzarlap durmagy, boldugyndan girişmegi maslahat berip sözümizi soňlaly..

Ýeneki makalalarymyza çenli sagboluň.. :)

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet