RippleNet toruny giňeldýär

Öwrenje
2 min readApr 14, 2020

--

300-den gowrak korporatiw müşderisi bolan blockchain integrasiýaly töleg tory RippleNet, müşderilerini yzygiderli köpeltmäge dowam edýär. Bu sanawa täzelikde goşulan bolsa 77 ýyllyk Ýapon ägirdi Ehime Bank bolup durýar.

“Ripple” esasly “MoneyTap”-y ulanjakdygy yglan eden “Ehime Bank”-yň gyssagly, mugt we kynçylyksyz pul geçirim hyzmatyny ýetirjekdigi aýdylýar.

“MoneyTap”-yň “Ripple” esasly pul geçirim çözgüdi, 7/24 bökdençsiz ýagdaýda pul geçirmäge mümkinçilik berýär.

“MoneyTap” programmasyny gönüden-göni akylly telefonlaryň üsti bilen ulanyp bolýar we köp banklar bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiligi berilýär.

MoneyTap tarapyndan ýaýradylan maglumatda aýdylşynyna görä, Ehime Bankyň arza bilen ýüz tutanyna ep-esli wagt bolupdyr we arza Ripple tarapyndan 13-nji aprelde kabul edilipdir.

RippleNet kärhanasynyň ýene bir döw geleşigi megerem Western Union bolsa gerek.

1851-nji ýylda gurulan bu kärhana finans äleminiň iň esasy oýunçylaryndan biri bolup durýar. Ol diňe 2018-nji ýylda bütin dünýäde jemi 300 milliard dollarlyk geçirimlere hyzmat etdi.

Western Union-yň Ripple sistemasyny test etmäge başlamagy ilki başlarda köpleri tolgundyrypdy. Emma bu ýagdaý gysga wagtda üýtgedi, sebäbi Western Union ýolbaşçylary köp gürrüňlerinde Ripple sistemasyndan öwerlik netije alyp bilmeýändiklerini aýdypdylar.

Has takygy “şy wagtky ulanýan tehnologiýalary bilen ripple sistemasy arasynda kän tapawudyň ýokdugyny we şol sebäpli öz sistemalaryny üýtgetmegiň zerur däldigini” belläpdiler.

Hatda Western Union ýolbaşçysy Hikmet Ersek geçen ýyl eden çykyşlaryndan birinde “Ripple tehnologiýasynyň öz sistemalaryndan 5 esse ýuwaşdygyny” belläpdi.

Bu wakalardan soň herkim bu iki kärhana arasyndaky gatnaşyklaryň togtadylandygyny pikir edip başlapdylar.

Emma Credit Suisse tarapyndan köpçülige ýetirilen bir hasabata görä bu gatnaşygyň heniz hem dowam edýändigini bellese bolar, hatda Western Union ýolbaşçylary häzirki günde Ripple baradaky öňki pikirlerinden has položitel pikir edýärler diýsegem öte geçdigimiz bolmasa gerek.

Ýeri gelende aýtsak Western Union-yň global pul geçirim pudagyndaky iň uly bäsdeşi MoneyGram, Ripple ulanmaga dowam edýär we häzirki güne çenli hiçhili nägilelik bildirmedi.

Çeşmeler:

https://www.somagnews.com/important-ripple-move-giant-japanese-bank/

https://bitcoinexchangeguide.com/western-union-testing-and-considering-using-ripple-xrp-for-cross-border-credit-suisse-research/

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet