Täze Oýunçy: QUIBI

Öwrenje
2 min readApr 12, 2020

--

Bir tarapda Netflix, Disney+, Apple TV+ we Hulu; beýleki tarapda bolsa YouTube, TikTok we Snapchat ýaly ulgamlar bilen digital neşir dünýäsi günsaýyn ösmegini dowam etdirýär.

Bu pudagyň iň täze oýunçysy elbetde Quibi.

Quibi näme?

Iň ýönekeý edip düşündirmekçi bolsak Quibi gysga 7–10 minutlyk serial we wideo bölekleri paýlaşýan bir platformadyr.

Galyberse-de ESPN, NBC, BBC ýaly media ägirtleri bilen ylalaşyp gündelik ýa-da sagatlaýyn wideo habar bölekleri goýmak hem kärhanaň esasy maksatlaryndan biri bolup durýar.

Quibi; Web, kompýuyer ýa-da akylly telewizor applikasyýasy bolmasyzdan diňe mobil enjamlar arkaly wideo paýlaşmagy maksat edinýär.

Kärhanaň hödürleýän esasy aýratynlygy bolsa Turnstyle tehnologiýasydyr.

Mälim bolşy ýaly mobil enjamlarda dikligine çekilen wideolary gorizontal ýagdaýda görjek bolanyňda (ýa-da tersine) ekran kiçelip gyralarda gara boşluklar emele gelýär. Turnstyle tehnologiýasy şol problemanyň çäresi hökmünde tanadylýar.

Beýleki tarapdan bolsa New Ýork merkezli interaktiw wideo kärhanasy Eko, bu turnstyle tehnologiýasynyň ogurlykdygyny belläpdi. Bu babatda Eko bilen Quibi kärhanalarynyň arasyndaky hukuk söweşi entek uzak wagtlap dowam etjege çalym edýär.

Quibi esaslandyryjysy Jeffreý Katzenberg 1984–1994 ýyllary arasyndaky Walt Disney Studios ýolbaşçylygy, 1994-nji ýylda bolsa Steven Sielberg bilen DreamWorks Animation kärhanasyny esaslandyrmagy bilen tanalýar.

Ýeri gelende aýtsak Quibi işe girişmeginden öňki 2 ýyllyk bir döwürde Alibaba group, Sony Pictures Entertainment, Disney, NBC Universal, Warner Media we şm maýadarlardan jemi 1,8 milliard dollarlyk maýa goýum alypdy.

Quibi digital pudakda özüni Netflix ýaly kinofilmleriň ulgamy bilen däl-de; Yotube, Tiktok we Snapchat bilen bäsdeşlik etmegi maksat edinýär.

Quibi-niň muny başaryp başarmajagy bolsa häzirden ähli bilermenler üçin ullakan bir sorag belgisi bolup durýar.

Çeşmeler:

https://thenextweb.com/media/2020/03/10/quibis-not-even-here-yet-its-already-being-sued//

https://variety.com/2020/digital/news/quibi-750-million-funding-investment-mobile-video-1203523586/

https://www.theverge.com/2020/3/4/21165312/quibi-funding-investors-jeffrey-katzenberg-launch-date-price

https://www.vox.com/culture/2020/4/6/21206225/what-is-quibi-streaming-service-phone-review-bad

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet