Tehnologiýa dünýäsinde UNICORN

Öwrenje
2 min readAug 9, 2020

--

Unicorn sözüni indi bilmeýän galdymyka?

Gündelik habarlarda indi örän köp gabat gelýän sözlerden biri bolan Unicorn sözüni ilkinji sapar 2013-nji ýylda Aileen Lee ulandy. Ol öz kesgitlemesinde

“2003-nji ýyldan öň esalandyrylan we bazar bahasy 1 milliard dollardan geçýän software kärhanasy” diýip belleýär.

Elbetde ondan bäri köp zat üýtgedi we indi unicorn bolmak üçin 2003-nji ýyldan öň esaslandyrylan bolmakzerur däl. Esaslandyrylanyndan 1 ýyl soň milliardlarça dollara satyn alnan kärhanalaryň hem sany-sajagy ýok diýsek megerem öte geçdigimiz bolmasa gerek.

Ýadyňyzda bolsa 2011-nji ýylda esaslandyrylan Instagram, şondan 1 ýyl soň ýagny 2012-nji ýylda Facebook tarapyndan 1 milliard dollara satyn alnypdy.

scale-up.vc çeşmesiniň maglumatlaryna görä Unicorn-lar barada şeýleräk maglumatlar bar:

  • 2013-nji ýyldaky ilkinji sanawda jemi 39 kärhana bar we olaryň jemi bazar bahasy 150 milliard dollardy.
  • Şugünki gün bolsa bu sanawda jemi 500 kärhana bar we olaryň jemi bazar bahasy 2 trillion dollardanam geçýär.
  • Bu sanawdaky kärhanalaryň 58-sinde Sequoia Capital maýa goýumy bar we onuň maýa goýum eden kärhanalarynyň jemi bazar bahasy 3,3 trillion dollara barabardyr.
  • Unicorn-laryň döremegine sebäp bolýan aslynda maýa goýumçylar we bu iş üçin örän köp maýa we maýadar gerek bolup durýar. Häzirki döwre çenli maýadarlaryň bu kärhanalara goýan jemi puly 369 milliard dollara barabardyr.
  • Unicorn-laryň her biriniň ortaça alan maýa goýum mukdary 740 million dollardyr.
  • Unicorn-laryň 79%-i ABŞ we Hytaýda.

Esasanam ýaşlary diýseň tolgundyrýan bu pudagyň pajarlap ösmegi örän ajaýyp pursatlary hem getirýär.

Tehnologiýanyň berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli we tizlikli peýdalanyp bilýän ýaşlaryň bu ugurda täze kärhana esaslandyryp maýa goýum almaklary üçin okuwlar, mentorlar ýeterlik mukdarda bar we esaslandyrylanyndan gysga wagt soň global tanymallyga ýetmek indi onçakly geň zat hem däl.

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet