Tehnologiýa Täzelikleri — 13.06.2020

Öwrenje
2 min readJun 13, 2020

--

Aksiýalaryndaky hereketlilikden soň Apple kompaniýasynyň birža bahasy 1,5 trillion dollara çykdy.

2019-njy ýylda ýadyňyzda bolsa Takeaway, Just Eat kompaniýasyny 10,1 milliard dollara satyn alyp “Just Eat Takeaway” adyny alypdy.

Bugün bolsa bu onlaýn nahar buýruk kompaniýasy Chicago merkezli Grubhub-y 7,3 milliard dollara satyn aljakdygyny mälim etdi.

Birnäçe wagtdan bäri Uber Eats-iň Grubhub-y satyn almagy meýilleşdirýändigini bilýärdik. Diýmek bu satyn alma söweşini Uber Eats gazanyp bilmedik bolara çemeli.

Bu kopaniýanyň birža bahasy 187 milliard dollara barabar. Ondan soňky gymmatly kompaniýa bolsa Toyota we onuň birža bahasy 182 milliard dollarda galdy. Mundan 1 ýyl öň bu birža bahalary arasynda uly tapawut bardy. Toyota 172 milliard dollar bolsa Tesla diňe 44 milliard dollarlyk gymmatlyga eýedi.

Rossiýa Döwleti öz konstitusiýasynyň ses berilişigini blokzynjyr tehnologiýasy arkaly amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu habar belkäm şugünki habarlar içinde iň üns çekeni bolsa gerek.

Sebäbi bu ses berilişigiň geçiriljekdigi mälim edilen gününden bäri ýurt çäklerinde we şol bir sanda dünýäde-de bu mesele köp agzalýan mowzuk bolup gelýär.

Ýöne şeýle möhüm bir wakada Wladimir Putiniň blokzynjyr tehnologiýasyny saýlamagy pikirlendirýär.

Sebäbi ençeme ýyldan bäri Putin ses-berilişikleri öz peýdasyna üýtgetýändigi bilen aýyplanyp gelýär. Bu tehnologiýada bolsa beýle zat düýbünden mümkin bolmaýar.

Blokzynjyr tehnologiýasy günsaýyn öz gerimini giňeldýär. Geçen ýyldan bäri Honkong-da hereket etmäge başlan fintech kompaniýalarynyň sany 600-den geçdi we bularyň 40%-i blokzynjyr pudagynda hyzmat berýär.

Tehnologiýanyň täze gerimlerinde amala aşyrylýan işleriň haýsysy dürs we haýsysy kriminaldygyny kesgitlemek üçin hökmany suratda oňa özüň gowy düşünmeli.

Europol bu mowzukda özüni nähili alyp barjagyny entek kesgitläp bilmeýär.

Bitcoin gapjygy hyzmaty berýän Wasabi hyzmaty arkaly geçirilen pullaryň 30%-iniň dark web üsti bilen gelendigi belli boldy.

Muny nädip kontrol etmelidigi babatda Europol kiber jenaýatlar bölüminiň pikiri heniz aýdyň däl.

Awstraliýanyň uniwersitetlerinden RMIT kiber howpsuzlyk we blokzynjyr boýunça magistratura programmasy açdy.

Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin IBM, Palo Alto Networks we Stone&Chalk bilen ylalaşan RMIT, programmany şu ýylyň oktýabr aýynda herekete geçirmegi meýilleşdirýär.

Okuwyň 9 aý dowam etmegi meýilleşdirilýän bu okuwa talabyň ýokary bolmagyna we dünýäniň beýleki okuw merkezlerinde-de tiz ýaýbaňlaşmagyna garaşylýar.

Sanly pullar günsaýyn ýaýbaňlaşýar we banklar indi bu tehnologiýany has ýygjam ulanmaga başlaýar.

Megerem ýene sanlyja ýyldan adaty pul töleglerini geçirmek ulanyşdan galsa gerek.

Fransiýa Merkez Banky we Ýewropanyň iň irki banklaryndan biri bolan Societe Generale blokzynjyr arkaly sanly töleg testini üstünlikli tamamlady.

40 million dollarlyk sanly tokenleri döredip sanly pula integrirlän banklar bu sanly puly bir uçdan beýleki uja blokzynjyr arkaly geçirdi.

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet