Tesla we Energiýa Üpjünçiligi

Öwrenje
1 min readMay 5, 2020

--

Mälim bolşy ýaly arassa energiýa çeşmeleriniň iň uly kemçiligi önen energiýanyň yzygider däldigidir.

Gazylyp alynýan baýlyklardan çykarylýan energiýalarda we atom energiýasynda belli bir yzygiderligi sazlap bolýar. Energiýa turbinalaryna yzygider nebit, gaz ýa-da atom çeşmesi akdyrmak yzygiderligi döredýär. Ol çeşmeleri bolsa ammarlara dolduryp bolýar. Ýagny ol çeşmelerde yzygiderlik problemasy bolmaýar.

Emma arassa energiýa çeşmelerinde meselem günden alynýan energiýa güneşli wagty dowam edýär we gün ýaşansoň gutarýar. Eger-de bir zawodyň ähli energiýasyny şol gün energiýa stansiýasyna birikdirilse onda bökdençlikler boljakdyr.

Arassa energiýa çeşmelerine başgaça “alternatiw” energiýa diýilmegi hem şondandyr.

Ilki bilen Tesla bu meselä energiýa saklaýyş merkezleri bilen çözgüt getiripdi.

Şeýlelik bilen “Energiýa saklaýyş” diýen täze bir pudak döredi.

2017-nji ýylda Tesla Awstraliýada 100 megawatlyk bir energiýa saklaýyş desgasy gurupdy.

Angliýa şu günki gün öz sarp edýän energiýasynyň 40%-ini arassa energiýa çeşmelerden öndürýär. Bu önümçilikdäki sähel bir näsazlyk ýurdy örän kyn ýagdaýa sokjakdyr.

Şol sebäpli Tesla-nyň bu göçümini örän derwäýys hasaplaýaryn.

Ýadyňyzda bolsa Tesla 2019-njy ýylda Gresiýa bilenem şuňa meňzeş bir şertnama baglaşypdy.

https://www.telegraph.co.uk/business/2020/05/02/tesla-applies-uk-electricity-provider-licence/

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet