Şeýle bir dükan göz öňüňize getiriň; ajaýyp bir dükän we ähli zat bar içinde.
Hakydaňyza gelip biljek ähli zatlar satylýar.
Ýöne ýekeje şert bar: hiçhili pul ýöränok. Ýagny pul bilen alyp bolanok dükandan hiçzat.
Onda nädip almaly ol zatlary, şeýle dälmi?
Gaty aňsat. Deregne birzat goýmaly.
Pikir edip görüň; durmuşda size näme gerek? Nämäniň yzyndan ylgaýaňyz şugünler?
- Pulmy?
Deregne näme berip bilersiňiz? Wagt, saglyk, söýgüsizlik, ýekelik..
- Has giňräk jaý gerekmi?
Deregne näme berip bilersiň?
Elbetde muny biznes ýaly edip pikir etmek gerek. Ýagny ilki siziň üçin gymmaty bolan baýlyklaryňyzyň sanawyny düzmeli.
Birkemsiz ýöräp duran saglygym, öýde mähir bilen garaşyp duran maşgalam, ylgap gelip gujaklaýan çagajygym, balam diýip guwanýan ejem-kakam, aýda belli bir derejede girdeji berip duran dükanym, telefonum, kampýuterim, kellämi sokup biljegim pukaraja öýüm, ýokary bilim diplomym, daşary ýurt dilim, dostlarym, ýoldaşlarym..
Sanasaň sanap oturmaly.
Öýüňi giňeltmek isleýäňmi? Dükanda has giňräk öýler bar. Emma deregne nämeleri goýup bilersiň?
Azajyk saglykdan bersek, birneme mähirli maşgaladan kemeltsek bir jaýyň muzdy jemlenmezmikä?
Bolmadymy?
Ejem-kakam bilen sowaşmagy kabul etsem we saglykdan ýene azajyk bersem näderkä?
Pikirlen.. Ol dükandan nämeler gerek saňa..
Ýogsa-da olar hakykatdanam gerekmi?
Pikirlen.. Ol dükan hemişe açyk welin sen söwda etmek üçin taýýarmy?!