Ýyllar-boýy irden işe gidip agşam öýe gelýän işgärleriň hem tebigatyň içinde ýaşap hemem işlemek ullakan arzuwlaryndan biri bolup durýardy. Hiçkim mejbur bolmasa betonlaryň arasynda, şäheriň gohunyň içinde hergün 2–3 sagadyny ýolda sarp edip işe gatnasy gelmeýärdi. Herkim deňiziň gyrasynda ýa-da tokaýyň içinde internet arkaly iş etmegiň arzuwyny besleýärdi. Beýle şertler üçin ençeme ýyldan bäri aýlykly işde işlemegiň deregne freelance işlemek maslahat berilýärdi.
Megerem bu arzuwlaryň amala aşmagy üçin indi wagt hem gelen bolsa gerek. Global Pandemiýa muny tizleşdirene çalym edýar. Hem tebigatyň içinde ruhy dynç alyş edip hemem aýlykly işlemek indi mümkin bolup barýar.
Global Pandemiýa zerarly alnan karantin çäreleri gowşap başlaly bäri herkimiň gözi-gulagy tehnologiýa ägirtlerinde.. Olaryň ofislerini nähili ulanjakdygy köpler tarapyndan bilesigelijilik bilen soralýar. Bu barada täzelikler metbugatda çykyp başlady.
Elbetde bu ägirtleriň aljak kararlary, ätjek ädimleri beýleki agirtler üçinem, orta derejeli kärhanalar üçinem ullakan bir ýol-görkeziji bolup durýar.
Apple işgärleri ofislerine golaýda dolanyp bararlar we pandemiýadan öňküler ýaly işlemäge dowam ederler. Ýagny Apple ofis häsiýetini üýtgetmejege meňzeýär.
Facebook iyul aýyndan başlap ofislerini işe girizmegi meýilleşdirýär emma ýylyň soňky aýlarynda uzakdan işlemäge rugsat bermegi meýilleşdirýär.
Google bolsa uly ähtimallyk bilen işgärleriniň ýyl soňuna çenli öýlerinden işlemäge dowam etjekdiklerini, emma ofise dolanmagy zerur bolan işgärleriniň iýun ýa-da iýul aýyndan başlap dolanyp biljekdiklerini mälim etdi.
Bu mowzukda tehnologiýa ägirtleriniň içinde Twitter, pandemiýanyň başyndan bäri beýlekilerden düýpgöter tapawutly hereket eden kärhana boldy. Twitter isleýän işgärleriň ömür-boýy uzakdan işlemäge dowam edip biljekdiklerini beýan etdi. Bu baradaky karary işgärleriň özlerine goýan kärhana, isleýänler üçin bolsa ofisleriniň açykdygyny hem nygtady.
Giň ofisler, kaşaň stollar, lýuks ýygnak otaglary indi ýuwaş-ýuwaş ulanyşdan galarmyka?
Wagt görkezer..