Wagt Azalýar

Öwrenje
2 min readOct 24, 2020

--

Çagalar barada gidýän gürrüňlerde olaryň ýaşyny aýtmak üçin aýlara-günlere çenli belläp geçilýär.

“Üç ýaşynda” diýmeýäris, sebäbi ol 3 ýaş 4 aýlyk.. :)

Aslynda özlerinden soralanda-da şeýle jogap berýärler.

“Näçe ýaşadyň” diýlen soraga olar 5 diýmeýärler, köplenç “5 ýarym ýaşymda” diýýärler. Hökman şol aýlary belläp geçýärler.

Şol “ýarym” olar üçin köp zat aňladýar sebäbi.

Şol ýarym ýylda öwrenen zatlaryna buýsanýarlar. Nähili ajaýyp..

Çagalyk döwri, kämilleşmegiň “aý bilenem ölçäp bolýan” ajaýyp pursatlaryny öz içine jemleýär.

Emma siziňem ünsüňizi çekdimi; adam pahyryň ýaşy kemala ýetip başlandan soň muňa kän pitiwa etmän başlaýar.

Öz okan mekdebimizi bizden 3–4 ýyl soň gutaran biri üçin “mekdebi bileräk gutardyk” diýip göýberýäris.

Dilde aňsat.. 3–4 ýyl näme diýmek..

Şol bir sorag orta mekdebi gutaranymyza 5–6 aý bolan çaglary soralan bolsa jogabymyz başgaça bolmazmydy?

Belkäm şol bir adam üçin “ol entek çaga” diýerdik..

Bu ýagdaý meni diýseň tukatlandyrdy.

Kiçilikde öwrenen zatlarymyz bilen buýsanç duýýarkak, gitdigiçe bu babatda näme üçindir biparhlaşýarys..

Ynha hä diýmän 2020 ýylynyň soňky pursatlary hem gelip ýeter..

Men welin ýyl başlamanka düzen maksatnamalarymdan diýseň uzak.

Birden kellä bir pikir geldi we geçen aýlarda we günlerde nämeler öwrenenimi edil kiçijek çagalar ýaly bolup bir kagyza ýazyp başladym.

3 ýaşyny tamamlan oglumyň öwrenen zatlary bilen deňeşdirenimde lapym keç boldy.

Bu sanawy size ýetirsem wagtyňyzy ogurladygym bolmaz diýip umyt edýän, eziz dostlar..

Bellikleri ýylyň başyndaky maksatnamalarym bilen deňeşdirip ýazsam tapawut has aýdyň belli bolýan ekeni..

  • Okap tamamlan kitaplarym 20-ä hem ýetmändir, geçen ýyl 40 çemesi okapdym..
  • Türk dilinde medium blog aktiw däl, linkedin ýazgylarymy redaktirläp mediumda goýmagy ünsden düşüripdirin.
  • Türkmen dilinde ýazlan bir romany redaktirlemelidim, başlamandyryn-am..
  • Türkmen dilinde bir “halkara gatnaşyklar” kitaby ýazmak üçin tekstler ýazyp başlamalydym, henizem zat ýok.
  • Medium sahypamda makala ýazmagy ýola goýupdyryn, muňa begendim. Öwrenje sahypamda 45 sany makala bar şuwagt. Berekella maňa..
  • Instagramda türkmen dilinde “manyly setirler” üçin açan sahypamda şuwagt 88 post bar.
  • Mentoring maksatly 100 töwerek ýaşlar bilen zoom duşuşyklary gurnapdyryn we arasyndan käbirleriniň öz bizneslerini gurnamaklaryna saldamly goşant goşmagyň buýsanjyny göterýärin..
  • Biznes bilen baglanyşykly sahypa aýratyn syr bolansoň ony bu ýerik ýazmak islemeýärin.. Ýöne olaram şul kesel sebäpli diýseň ýaramaz.
  • Digital Marketing boýunça aýratyn maksatnamalarym bardy we entegem okuwlaryny tamamlamadym.

Şeýdip uzap giden sanawlaryň köpüsi meni kanagatlandyrmady..

Ýylyň tamamlanmagyna indi sanlyja gün galdy..

Şeýdip sanaw düzmegim we bu sanaw boýunça ýylyň başyndan bäri nämeleri amala aşyranym bilen baglanyşykly oýlanmagym meni diýseň hyjuwlandyrdy.

Göreli hany, ýene nämeleri amala aşyrmaga pursatym bolarka?

Ýogsa-da siziň sanawyňyz nähili?

Maksatnamalar tamam boldumy? Ýa-da niresine ýetdiňiz?

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet