⌚ Ölüm ýassygynda ýatan bir goja ogluny çagyryp oňa bir köneje jübi sagadyny uzadýar.
- Bu sagady maňa atam pahyr beripdi oglum. Ol indi seňki. Ýöne bu 200 ýyllyk sagady saňa sowgat bermänkäm senden bir haýyşym bar.
Köçäň gyrasyndaky metallom ýygnaýan ýerden bu sagadyň bahasyny sorap ber.
🚶♂️Ogul gidip gelýär we “olar bu sagady başyma yapaýynmy diýip üstümden güldi” diýýär.
- “Indi oglum git sagat dükanyndan sora” diýip ugradýar.
Ogly derrew gelýär we “kaka, sagat köne ýöne 5 dollar bereýin diýdi” diýýär.
Goja hoşamaýlyk bilen ýylgyryp:
- “Indi git müzeýden sora” diýýär.
Ogly bir haýukdan soň ylgaşlap gelýär:
“kaka 1 million dollar bereýin diýdi” diýýär.
Goja uludan demini alýar-da gürrüňi jemleýän sözüni sözleýär:
“Ýatdan çykarma oglum, hakyky gadyryň diňe dogry ýerde laýyk kesgitlener.”
— -
🚩 Eger hakykatdanam gymmatly bolsaň gadyryň hökman biliner..
🚩 Eger gadyryň bilinmeýän bolsa
ýa gymmatly dälsiň ýa-da dogry ýerde dälsiň..
🚩 Hakyky gadyryňy bilýänler düşüner saňa we hakyky manyda hormat goýar.
📣 Nädogry ýerde wagt ýitirme..
💥 Eger gymmatly dälem bolsaň, ol hormatsyzlyklary çekmäge dowam ediber.. 😊
💥 Kepjebaş ýaly çişmegiň peýdasy ýok dost.. 😂
Wessalam..