🚕 Birgün bir zenan taksili bir ýerik barýardy.
🚗 Birden öňlerine bir maşyn çykdy. Taksi sürüjisi iki-ýana çaýkanyp ol maşyny kakmagyna sähel galanda durmagy başardy.
🚗 Gara maşynyň içinden daýaw ýigit gykylyklap birzatlar diýmäge başlady. Aslynda onuň özi günäkärdi, emma şonda-da taksi sürüjisiniň üstüne haýbatly azgyrylýardy.
🚕 Sürüji az-kem demini dürsänsoň daýaw yigide mylaýym seredip “bagyşla” diýen manyda elini galgatdy.
🚕 Soň tizlik bilen ol ýerden daşlaşdy.
Wakanyň başyndan bäri gorkujyndan ýaňa ýüregi agzyna gelen zenan bu bolanlara hiç-hili düşünip bilmän sorady:
- Jenap, näme üçin beýtdiňiz?! Onuň özi günäkärdi ahyryn.
- Zir-zibil kanuny sebäpli.
- Ola näme diýmek bolýar jenap?!
🚩 Köp adam zir-zibil ulagy ýalydyr. Olaryň ýüki ýetikdir. Gahar, gynanç we öýke-kineden doludyr ýüki we ony dökmek üçin bir ýer gözlegindedir.
🚩 Käwagt ol zir-zibilleri seň üstüňe dökmekçi bolarlar. Niýeti şol bolansoň bahana-da aňsatlyk bilen tapylyp durýar. Hiç wagt muny öz şahsyňa degişli waka diýip kabul etme. Mesele seň bilen baglanyşykly däldir hiç wagt.
🚩 Olara ýylgyr, hoşamaý çemeleş, ýagşy sözler aýt we öz ýoluňa dowam et.
🚩 Ol ýüki alsaň, soň özüň ony dökmek üçin işde, öýde, köçede adam gözlegine çykmaly bolarsyň.
📣 Nämäňe derkar artykmaç hapa ýük?😊