ÇOLUTEKA Köprüsi

Öwrenje
Oct 24, 2020

--

Çoluteka (Choluteca) Köprüsi..

Gonduras-yň Çoluteka derýasyndan adyny alypdyr.

Häli-şindi gopýan tupanlary bilen tanalýan bir ýer.

Ýurt jogapkärleri 1996-njy ýylda bu agyr klimat şertlerine çydamly bir köpri gurmak boýunça bir Ýapon kompaniýasy bilen ylalaşýar.

“Inženerligiň ýokary derejesi” diýip hasaplanýan köpri 1998-nji ýylda dabara bilen açylýar we ulanylmaga berilýär.

Şu ýere çenli ähli zat adaty we bolmalysy ýaly.

Asyl waka şondan soň başlanýar.

Açylyşdan birnäçe aý geçenden soň Miç (Mitch) Tupany gopýar.

Derýa suwunyň çişmeginiň hem täsiri bilen 7.000 töwerek adamyň wepat bolmagy bilen tamamlanan bu elhenç wakadan köpri birjik-de zyýan çekmän gutulýar.

Köpri söz berilişi ýaly örän berk bolup çykýar.

Emma mesele onda däl-de hiçkimiň hakydasyna-da gelmedik başga zatda ýüze çykýar.

Miç tupany şeýle bir güýçlidi welin köprüniň töweregindäki bütin ýollary sowuryp taşlapdy we hat-da derýanyň ugruny hem üýtgedipdi.

Köprä adyny beren derýa indi köprüniň aşagyndan däl-de gapdalyndan akyp başlapdy.

Hiç-bir ýola baglanmaýan, hiç-bir ýere äkitmeýän we akyp ýatan derýanyň gapdalynda orta ýerde örän berk edilip gurlan köpri bar.

Mundan soňam ulanylmajagy üçin bu köpri entek-entegem berk bolmagyna dowam etjege çalym edýär.

Bu wakadan sapak alara zat şeýle bir kän welin haýsyndan başlajagyňy bilip bolar ýaly däl..

Ýogsa-da siziň ýadyňyza düşýän sapaklar nämeler?

--

--

Öwrenje
Öwrenje

Written by Öwrenje

Türkmen dilinde döredijilik sahypasy..

No responses yet